Türkmenistanda ilkinji gysga wideo akym platformanyň web sahypasy synag tertibinde işläp başlady

  • 17.02.2025 09:43
  • 13k+

“TMBIZ” platformasy Türkmenistandaky  ilkinji gysga wideo akym hyzmatly sanly platformadyr. Platformanyň düşnükli we sada şekilde işlenilip düzülendiginiň hasabyna, gyzyklanma bildirýän islendik ýaşdaky ulanyjy ondan aňsatlyk bilen peýdalanyp biler.

TMBIZ  resmi web sahypasynyň synag tapgyry ulanyjylara hödürlenýär. Bu täze mümkinçilik işewürlik dünýäsi bilen müşderileriň arasynda ygtybarly we çalt aragatnaşygy üpjün eder. Täze önümler, hyzmatlar we ýörite teklipler we arzanladyşlar TMBIZ bilen elýeterli!
Ulanyjylar platformada gerekli bolan ähli haryt we hyzmatlaryny täsirli wideolar arkaly aňsatlyk bilen tapyp bilerler. Şeýle hem sahypada resmi hasap açyp platformanyň mazmunlary bilen ýakyndan tanşyp we olary paýlaşyp bolýar.

Platformanyň täsirli aýratynlyklarynyň biri “Top ulanyjylar” we “Top wideolar” bäsleşikleri. Bu aýratynlyklar arkaly iň meşhur wideolar we işjeň ulanyjylar, halanma, paýlaşma, görülme we ýüklenme gazanyp bäsleşiklerde ýokary orunlary eýeläp bilerler.
Häzirki wagtda TMBIZ web sahypasy açyk synag tapgyrynda öz işine başlady, şonuň üçin hem ol öz ulanyjylaryna yzygiderli dürli täzelenmeleri hödürläp durar. Bu bolsa ulanyjylara platformany synap görmäge, pikirlerini we tekliplerini paýlaşmaga mümkinçilik berýär.
tmbiz.info web saýtyna girip, “Habarlaşmak” bölümi arkaly islendik adam pikirlerini paýlaşyp biler.

Resmi websaýt: https://tmbiz.info


12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....