Braziliýaly är-aýal 84 ýyldan gowrak wagtlap nikada bolup rekord goýdy we uzak nikanyň syryny paýlaşdy

  • 17.02.2025 08:20
  • 11k+

Braziliýaly 105 ýaşly Manoel Angelim Dino we 101 ýaşly Mariýa de Souza Dino häzirki wagtda ýaşaýan jübütleriň arasynda iň uzak dowam eden nika rekordyny goýdular. Olar 84 ýyl 80 gün bäri bile ýaşaýarlar. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.

Manoel bilen Mariýa ilkinji gezek 1936-njy ýylda tanşypdyrlar. Şol döwürde olaryň ikisem daýhançylyk bilen meşgullanýan eken. Manoel bir gün Braziliýanyň naýbaşy süýjüsi bolan rapadura (panela) almak üçin Mariýanyň şäherine barýar. Olar şol wagt ilkinji gezek gabatlaşýarlar, emma düşünişip bilmeýärler.
Soň aradan birnäçe ýyl geçýär. Olar tötänlik bilen 1940-njy ýylda ýene gabatlaşýarlar. Bu gezek Manoel Mariýany duşuşyga çagyrýar we şol ýylyň özünde olar durmuş gurýarlar. Olar ýaşamak üçin Manoeliň öz eli bilen guran öýüne göçüp barýarlar we gazanç etmek üçin söwda bilen meşgullanyp başlaýarlar.

Uzyn ömürleriniň dowamynda olar 13 çagany terbiýeläp ulaldypdyrlar. Çagalary bolsa olara 55 agtyk, 54 çowluk we 12 ýuwluk sowgat beripdir. Nikaňyzyň uzak dowam etmeginiň syry nämede diýlip soralanda, Mariýa gysgaça jogap berýär: «Söýgi».
Häzirki wagtda Manoel ýaşy sebäpli, gününiň köp bölegini dynç almak bilen geçirýär. Şeýle-de bolsa ol agşamlaryna myhman otagda Mariýa bilen bilelikde radiodan doga diňleýär. Soň bolsa telewizorda dini ybadatlara syn edýär.
Manoel bilen Mariýa «häzirki wagtda ýaşaýan är-aýallaryň arasynda» iň uzak dowam eden nikanyň rekordyna eýe bolsalar-da, absolýut rekord olaryňky däl. Bu rekord kanadaly Dewid Jeýkob Hiller bilen Sara Dewi Hillere degişlidir. Olar 88 ýyl 349 gün bile ýaşadylar. Olaryň nikasy 1898-nji ýylda Sara aradan çykanda tamamlandy.


düýn 22:32
2.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....