ABŞ-da ýeralma frisiniň tagamynda dodak boýagy döredildi

  • 16.02.2025 23:56
  • 2k+

ABŞ-da üýtgeşik kosmetika önümi – ýeralma frisiniň tagamynda dodak boýagy çykaryldy. Ol Aýdaho ştatynyň Ýeralma ösdürmek boýunça komissiýasy tarapyndan döredildi we “Fransiýanyň posasy” romantiki adyna eýe boldy.

Önümiň çykarylmagy Walentin gününe bagyşlandy.
Dodak boýagy hiç hili reňk bermeýär, ol dodak balzamy bolup, diňe bir dodagyňy nemlendirmek we iýmitlendirmek üçin däl-de, eýsem “gowy görýän naharyň tagamy bilen romantiki pursatlaryň arasynda emosional baglanyşygy” döretmek üçin niýetlenýär. Şonuň üçin öndürijiler, esasan, tagam duýgularyna üns berdi.
Ýeralma frisiniň tagamynda dodag boýagyny döretmek pikiri adamlaryň arasynda geçirilen pikir soraşmanyň esasynda ýüze çykdy. ABŞ-dan sorag edilenleriň 92%-i bu naharyň ysyny we tagamyny özüne çekiji hasaplady. Önümi taýýarlaýjylar onuň “açlyk bilen islegiň arasyndaky boşlugy azaltmaga” kömek etjekdigine ynanýar.
Dodak boýagy mugt ýaýradylýar, ulanyjylara diňe eltip bermek hyzmaty üçin tölemek soralýar.


şu gün 20:25
2.9k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 16:55
3.3k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

düýn 23:56
5.8k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......