Antarktidadaky ýeke-täk mör-möjek nädip diri galmagy başarýar: alymlaryň jogaby

  • 16.02.2025 20:39
  • 13k+

Antarktidada ýaşaýan jandarlar barada gürrüň edilende köp adamyň aňyna ilki bilen pingwinler gelýär. Emma bu yklymda örän täsin mör-möjek – ganatsyz çybyn Belgica antarctica hem ýaşaýar. Onuň şeýle aşa sowuk we kyn şertlerde nädip diri galýandygy henizem alymlar üçin doly düşnükli däl. Emma Osaka Metropoliten uniwersitetiniň alymlary onuň ýaşaýyş düzgüni bilen baglanyşykly bir syry çözmegi başardylar diýip, Phys.org habar berýär.

Bu çirkeýjik bary-ýogy iki ýyl ýaşaýar. Ol möwsümleýin üýtgeşmelere uýgunlaşmagy başarýar. Onuň ömrüniň ilkinji ýyly dynçlyk ýagdaýynda geçýär. Bu ýagdaý, daşky gurşawyň şertleriniň ýaramazlaşmagyna garşy dessin reaksiýa hökmünde ýüze çykýan uky görnüşdedir. Şertler ýene adaty ýagdaýa öwrülende, çybynyň bedeni bu ýagdaýdan çykýar we gaýtadan işjeňleşýär.
Ömrüniň ikinji ýylynda bolsa, çybyn hökmany diapauza diýilýän tapgyra girýär. Diapauza – bu genetiki taýdan programmirlenen dynçlyk döwri bolup, organizmiň ýaşaýyş-durmuş aýlawynyň belli bir döwründe ýüze çykýar. Bu ýagdaý adatça orta giňişliklerde, ýagny ýyly ýerlerde ýaşaýan mör-möjeklerde seýrek duş gelýär.
Alymlar Antarktida çybynyny laboratoriýada alty ýyllap öwrendiler. Maksat – onuň aşa kyn şertlere nädip uýgunlaşýandygyny anyklamakdy. Barlaglaryň netijesine görä, çybynyň liçinkalary köplenç gyş paslyna çenli ösüşiniň ikinji tapgyryna ýetýär. Soňra olar uklap, daşky gurşaw birneme ýyly bolanda tiz oýanyp, ösüşlerini dowam etdirýärler.
Ikinji gyş paslynyň gelmezinden öň, liçinkalar dördünji, ýagny iň soňky ösüş tapgyryna ýetýärler. Ýöne olar gundaga öwrülmeýärler. Munuň ýerine olar hökmany diapauza tapgyryna girýärler. Bu ýagdaý olara ösüşlerini sinhronizirlemäge ýardam berýär. Netijede, tomus pasly gelen badyna ähli çybynlar şol bir wagtda oýanýarlar. Ýetişen Belgica antarctica çybynlary bary-ýogy birnäçe gün ýaşaýarlar, şol sebäpden olaryň köpelmegi, hemmesiniň diňe şol bir wagtda peýda bolmagy bilen mümkin bolýar. Şonuň üçin hem diapauza tapgyryndan çykmagyň sinhronizasiýasy populýasiýanyň diri galmagy üçin örän möhümdir.
Möwsümleýin uýgunlaşmak strategiýasy, ýagny birnäçe gyşy geçirmek üçin dynçlyk ýagdaýynyň we hökmany diapauzanyň utgaşdyrylmagy, beýleki mör-möjeklerde duş gelýän ýagdaý däldir. Ýöne alymlar çäk taýdan kyn şertlerde, meselem, Arktikada ýa-da daglyk ýerlerde ýaşaýan mör-möjekleriň hem şuňa meňzeş mehanizmleri ulanyp biljekdigini çaklaýarlar.


düýn 17:05
7.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.2k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.4k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......