Saud Arabystany «The Line» taslamasy üçin eýýämden $50 mlrd sarp etdi

  • 16.02.2025 20:33
  • 12k+

Saud Arabystanynyň NEOM sebitiniň Ösüş agentliginiň baş müdiriniň orunbasary Raýan Faýez Gyzyl deňziň kenarýakasynda guruljak «The Line» atly täsin gökdiräniň gurluşygy üçin, eýýämden 50 milliard dollardan gowrak serişdäniň harçlanandygyny mälim etdi diýip, «Dezeen» neşiri habar berýär.

Bu serişdeler esasy infrastruktura, şol sanda gazuw işleri we sütünleri ýerleşdirmek üçin ulanylypdyr. Faýeziň aýtmagyna görä, «The Line» taslamasynyň ilkinji gatlarynyň gurluşygyna 2025-nji ýylyň ahyrynda başlanar. Uly çykdajylara garamazdan, häkimiýetler bu maýa goýumyň syýahatçylyk arkaly öweziniň dolunjakdygyna ynanýarlar.
Bütindünýä Syýahatçylyk we syýahat geňeşiniň çaklamasyna görä, 2032-nji ýyla çenli taslamanyň bir bölegi ulanylmaga berilýänçä, Pekin ýa-da Pariž ýaly dünýäniň iri şäherlerinde syýahatçylykdan düşýän ýyllyk girdejiler 49-77 milliard dollara ýeter.
«The Line» taslamasy – Saud Arabystanynyň dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylary özüne çekjek täsirli şäheri döretmek maksadynyň bir bölegidir diýip, Faýez belleýär.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......