Aleksandr Puşkin barada täze film ekrana çykdy. Onuň yzyndan serial görkezilip başlanar

  • 16.02.2025 12:58
  • 3.7k+

14-nji fewralda “Weli. Aleksandr Puşkiniň hekaýaty” (Пророк. История Александра Пушкина) filmi prokata çykdy. XIX asyryň russiýaly şahyrynyň keşbini “Oskar” baýragyna dalaşgär Ýuriý Borisow ýerine ýetirdi.

Film durmuş synaglary: sürgünler, pulsuzlyk we duel bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýaş, göçgünli we köpçülik tarapyndan gowy görülýän Puşkini görkezýär.
Filmde rus edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň biriniň esasy durmuş pursatlary – Sarskoselo okuwynda okan döwri, döredijilik ösüşi, onuň geljekki aýaly Natalýa Gonçarowa bilen tanyşlygy we Žorž Dantes bilen pajygaly dueli görkezilýär. Filmde aýdym-saz sahnalary hem bar. Filmiň režissýory Feliks Umarow filmiň Demýen Şazelliň “La-La Lendinden” ylham alandygyny aýtdy.
Taslama üçin ssenariýäni Wasiliý Zorkiý we Andreý Kurganow ýazdy.
Filmiň yzysüre, 17-20-nji fewralda “Perwyý kanalda” Puşkin barada ýene bir taslama – “Natali we Aleksandr” telewizion serialy çykar. Onda sýužet, esasan, şahyryň Gonçarowa bilen söýgi hekaýasyna ünsi jemlär. Serialda Puşkiniň keşbini Aleksandr Zarýadin, aýalyny bolsa Kseniýa Treýster janlandyrdy.
Serial režissýor Wladimir Bitokowyň gatnaşmagynda Wladimir Şegolkow tarapyndan düşürildi.
Serialy döredijiler RG.ru neşiri bilen söhbetdeşlikde Puşkini “bürünç” ýadygärlik hökmünde däl-de, eýsem her bir tomaşaça ýakyn, hyjuwy we gam-gussasy bolan janly adam hökmünde görkezmäge synanyşandygyny aýtdy.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....