NASA kosmos zibilini aýyrmak üçin robot döretdi

  • 16.02.2025 00:41
  • 3k+

Ýeriň töweregindäki kosmos giňişligi häzirki we geljekki missiýalara howp salýan zibillerden doly. Hemralaryň we raketa basgançaklarynyň ýokary tizlik bilen hereket edýän müňlerçe döwük bölekleri diňe bir astronawtlar üçin däl, eýsem raýat awiasiýasy we Ýeriň ýaşaýjylary üçin hem çynlakaý howp döredýär. NASA orbitany arassalamak üçin çözgüt işläp taýýarlaýar we şeýle çözgütleriň biri-de Astrobee roboty boldy.

Häzir Ýeriň orbitasynda 10 sm-den uly 36 000-den gowrak döwük bölek we ululygy 1 sm-den kiçi 100 milliondan gowrak döwük bölek bolup, olar 28 000 km/sag tizlik bilen hereket edýär.
Ilkibaşda Astrobee ulgamy HKS-de astronawtlara kömek etmek üçin niýetlenipdi. Ol üç robotdan ybarat: Bumble, Honey we Queen. Bular ugry kesgitlemekde öz datçiklerini ulanyp, stansiýa boýunça erkin hereket edip bilýär. Geljekde zerur kämilleşmeleri alan ýagdaýynda ulgam Ýeriň orbitasyndaky döwük bölekleri tutup we dolandyryp biler.
Häzirki wagtda beýleki iri guramalar hem kosmos giňişligini arassalamak boýunça strategiýalary işläp taýýarlaýar. Ýewropanyň kosmos agentligi-de ClearsSpace-1 maksatnamasynyň çäklerinde robotlar we ulgamlar bilen synag geçirýär. Mundan başga-da, kosmos zibili meselesini çözmek üçin lazer we garpun ýaly beýleki tehnologiýalar hem maslahatlaşylýar.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....