Global elektromobil we gibrid satuwy ýanwar aýynda 18% ýokarlandy

  • 15.02.2025 20:14
  • 2.9k+

Ýanwar aýynyň jemi boýunça Ýewropada we ABŞ-da elektromobil hem-de zarýad alýan gibridleriň (PHEV) satuw möçberiniň ösüşi bu sebitlere geçen ýylyň fewral aýyndan bäri ilkinji gezek Hytaýdan öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Bu barada Rho Motion kompaniýasynyň analitikleri habar berýär.

Ýanwar aýynda dünýäde şeýle ulaglaryň satuw möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 18% ýokarlanyp, 1,26 mln birlige ýetdi.
Hytaýda Täze ýyl mynasybetli dynç alyş günleri sebäpli elektrik hereketlendirijili ulaglaryň satuwy dekabr aýy bilen deňeşdirilende 43% azaldy. Ýöne geçen ýylyň ýanwar aýyna garanda Hytaýda satuw möçberi 11,8%, 700 müň birlige çenli ýokarlandy.
Ýewropada ösüş geçen ýyl bilen deňeşdirilende 21% boldy we sebitde ýanwar aýynyň jemi boýunça 25 000 elektromobil we zarýad alýan gibrid satyldy. Fransiýada zarýad alýan gibridlere salgytlaryň girizilmegi umumy satuwyň 52% pese gaçmagyna getirdi, Germaniýada bolsa ýyllyk hasabynda 40% ýokarlandy.
Dünýä derejesinde elektromobil we zarýad alýan gibridleriň satuw möçberi eýýäm üç aý bäri ösüş depgininiň peselýändigini görkezýär. ABŞ-da we Kanadada satuw möçberi 22,1%, 130 000 birlige çenli ýokarlandy. Ýanwar aýynyň jemi boýunça galan ýerlerde satuw 50% ýokarlandy. Aýlyk hasabynda global satuw 35% pese gaçdy.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......