«GDA-nyň iň gowy talyby — 2024» atly halkara bäsleşiginde türkmen talyby ýeňiji boldy

  • 15.02.2025 18:51
  • 12k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýew «GDA-nyň iň gowy talyby — 2024» atly halkara bäsleşiginde iň ýokary netije gazandy. Netijede, ol «GDA-nyň iň gowy talyby — 2024» diýen ada mynasyp bolmagy başardy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bäsleşik ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň hem-de «Bilim orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkeziniň bilelikde guramagynda geçirildi. Emin agzalary Hallynyýazyň Arkalaşygyň çäginde ylym-bilimiň, sungatyň, sportuň ösmegine goşan goşandyna ýokary baha berildi.
H.Babaýewe «Bilim orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkezi tarapyndan I derejeli diplom, «GDA-nyň iň gowy talyby» atly heýkeljik hem-de döşe dakylýan nyşan, GDA döwletleriniň talyplary bilen aragatnaşyk saklamakda we ýaşlar syýasatyny ösdürmekde goşýan goşandy üçin degişli şahadatnama gowşuryldy.


düýn 20:41
1.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.5k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......