Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Belarus Respublikasynyň ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy

  • 15.02.2025 09:00
  • 3.4k+

14-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berdi. 

Duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlanmagynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi barada aýdyldy.
Şeýle hem döwletara gatnaşyklaryň parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldanylmagynyň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň ýagdaýda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......