Türkmen samboçylary Belarusda geçen halkara ýaryşda 13 medal aldylar

  • 15.02.2025 08:42
  • 7.6k+

Türkmen samboçylary Minskde geçirilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky XXIX halkara ýaryşynda 13 medal gazandylar. Olaryň hasabynda - 1 altyn, 4 kümüş we 8 bürünç medal bar.

Bäsleşige 9 döwletden - Belarusdan, Ermenistandan, Bolgariýadan, Germaniýadan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 200-den gowrak türgen gatnaşdy. Olar iki günüň dowamynda – erkekleriň we zenanlaryň sport sambosynda ýedi, erkekleriň söweş sambosynda-da ýedi medal ugrunda bäsleşdiler.
Ýaryşyň ilkinji gününde türkmen samboçylary alty medal: 2 kümüş we 4 bürünç, soňky gün bolsa ýene ýedi medal (1 altyn, 2 kümüş we 4 bürünç) gazandylar.
Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna 71 kilograma çenli agram toparynda söweş sambosy boýunça ýaryşda ýeňiji bolan Kadyrjan Gafurow çykdy.
Geçen ýylky ýaryşda altyn medal gazanan Agasapar Muhadow (agramy 79 kg çenli) we Suhan Öwezgeldiýew (98 kg çenli), şeýle hem Ahmet Taňryberdiýew (58 kg çenli) we Kerim Kerimow (71 kg çenli) söweş sambosynda kümüş medal gazandylar.
Bürünç medallara zenanlar sport sambosynda Aziza Nazarowa we Aminat Guwanowa (ikisem 50 kilograma çenli agram toparynda), Zarina Abdyrahmanowa (54 kilograma çenli), Merjen Joraýewa (59 kg çenli), erkekler sport sambosynda bolsa Bagtyýar Bahramow (79 kg çenli), Isa Arslanow (79 kg çenli) we Begenç Baltaýew dagy mynasyp boldy.
Geçen ýyl bu ýaryşda türkmen samboçylarynyň 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç, jemi 15 medal alandygyny ýatladýarys.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......