Saparmyrat Atabaýew Daşkentde geçen halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 15.02.2025 08:31
  • 7k+

Aşgabatdan 25 ýaşly halkara sport ussady Saparmyrat Atabaýew Daşkentde geçirilen 2-nji «AL-BERUNIY» (Futures) halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berýär. 

Ýaryş nusgawy wagt gözegçiligi bilen aýlawly ulgam boýunça geçirildi. Oňa Özbegistandan, Hindistandan, Russiýadan, Şwesiýadan, Belarusdan hem beýleki ýurtlardan grossmeýsterler gatnaşdy.
Dokuz tapgyryň netijesi boýunça FIDE reýtingi 2516 bolan Saparmyrat Atabaýew 7 utuk toplady. Şonça utugy hindi grossmeýsteri Pa Iniýan-da (FIDE reýtingi 2523) toplady. Şeýle-de bolsa, aýgytly arakesmede ol S.Atabaýewden utuldy we netijede ikinji ýeri eýeledi. 6,5 utuk toplan Belarus grossmeýsteri Mihail Nikitenko (FIDE reýtingi 2512) iň ökde üçlügiň soňkusy boldy.

Bu ýaryşda gazanan ýeňşi Saparmyrat Atabaýewe 3500 ABŞ dollary möçberinde pul baýragyny almaga we Halkara grossmeýster derejesiniň berilmegi üçin zerur iň soňky (üçünji) normany ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Resmi karar Halkara küşt federasiýasynyň geňeşiniň (FIDE) mejlisinde kabul ediler.
Ýatlatsak, Saparmyrat 
2023-nji ýylyň iýunynda Duşenbe şäherinde geçirilen Dünýä Kubogynyň Merkezi Aziýa zolaklaýyn ýaryşynda iň güýçli üç küştçiniň hataryna girdi we şol ýylyň dekabrynda Daşkentde geçirilen «Castle-2023 Masters» küşt festiwalynda ýeňiji boldy. Geçen ýyl bolsa ol Türkiýede geçirilen 33 ýyllyk «Ak pil» saýlama ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Saparmyrat Atabaýewiň şu güne çenli ilkinji tälimçisi we halypasy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýew.


11.06.2026 08:03
3.1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....