Nissan Hytaýda DeepSeek emeli aň kömekçisini ulanýan ilkinji daşary ýurtly brend bolar

  • 14.02.2025 17:24
  • 5.4k+

Ýaz paslynda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýän täze «Nissan N7» sedan modeli DeepSeek emeli aň (EA) kömekçisi bilen enjamlaşdyrylýar. Bu model Hytaý bazarynda daşary ýurtly brendleriň arasynda bu tehnologiýany ornaşdyrýan ilkinji elektrikli awtoulag bolup durýar. «N7» modeliniň önümçiligini Nissan bilen Dongfeng-iň bilelikdäki kärhanasy amala aşyrar diýip, «Cnevpost» neşiri habar berýär.

Resmi maglumatlara görä, DeepSeek-iň maglumatlary işlemek we özbaşdak öwrenip bilmek ukyby ulanyjynyň niýetini has takyk kesgitlemäge hem-de adamlar bilen elektronikalaryň arasyndaky gatnaşyklary has tebiga ýakyn edip alyp barmaga mümkinçilik berer. Bu aýratynlyklar ilkibaşda sesli kömekçä, şeýle-de nawigasiýa ulgamyna we media mazmunlaryna degişli bolar.
Mundan öň hem «Nissan N7» modelinde ýene bir öňdebaryjy tehnologiýanyň – «Momenta» startapynyň sürüji kömekçi ulgamynyň ulanyljakdygy habar berlipdi. Bu tehnologiýa esasynda elektroniki dolandyryşdaky «N7» diňe bir awtoýollarda däl-de, eýsem şäherleriň içinde hem «özbaşdak» hereket edip biler.
Şeýle-de mundan ozal hem käbir öňdebaryjy hytaýly awtoulag öndürijileri DeepSeek neýrotoruny öz awtoulaglarynyň bort elektronikasynda ulanmak baradaky meýilnamalaryny mälim edipdiler. Dongfeng-den başga-da bu brendleriň hataryna BYD, Zeekr, Smart we Leapmotor girýär.
Hytaýyň daşyndaky bazarlarda bolsa bu tehnologiýa örän seresaplylyk bilen garalýar: mysal hökmünde aýtsak, Hyundai/Kia bileleşigi öz işgärleriniň DeepSeek-e bolan elýeterliligini çäklendiripdi.
«Nissan N7» modeliniň doly tehniki häsiýetnamasy onuň bazara çykmazynyň öň ýanynda mälim ediler. Häzirki wagta çenli bar bolan maglumatlara görä, sedanyň uzynlygy 4930 millimetr, tigir bazasy bolsa 2915 millimetr bolup, ol 218 ýa-da 272 at güýjünde işleýän elektrikli hereketlendiriji bilen üpjün ediler. Awtoulag bir gezeklik doly zarýady bilen 620 kilometre çenli ýol geçip bilýär.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....