Google tapmaça oýnunyň üsti bilen Google I/O 2025-iň senesini yglan etdi

  • 14.02.2025 11:24
  • 1.8k+

Google kompaniýasy 2025-nji ýylda işläp düzüjiler üçin Google I/O konferensiýasynyň geçiriljek senesini yglan etdi. Çäre 20-nji we 21-nji maýda geçiriler hem-de tomaşaçylar üçin onlaýn elýeterli bolar diýip, The Verge habar berýär.

Adatça bolşy ýaly, programmanyň bir bölegi Kaliforniýadaky Shoreline Amphitheatre-da oflaýn görnüşde geçiriler.
Sene baradaky maglumat kompaniýanyň konferensiýanyň anonsy üçin ulanýan interaktiw tapmaçasynyň üsti bilen mälim edildi. 2025-nji ýylda Google I/O 19-22-nji maýda geçiriljek Microsoft Build konferensiýasy bilen bir wagtda diýen ýaly geçer. Bu işläp düzüjileriň we metbugatyň ünsüni çekmek üçin bäsdeşlik döredip biler.
Öňki Google I/O 2024 konferensiýasy emeli aň pudagyndaky täzeliklere baý bolupdy. Gemini, Project Astra we Veo EA modelleri ýaly işläp taýýarlamalar, şeýle-de EA gönükdirilen Google Search täzelenmesi hödürlendi. 2023-nji ýylda EA pudagynda täzelikler we täze Pixel gurluşlary, şol sanda Pixel Fold we Pixel Tablet barada gürrüň edildi.


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......