Windows 11-iň täzelenen «Başlat» menýusy görkezildi

  • 14.02.2025 07:10
  • 2.4k+

Indi «Başlat» (Start) menýusynda gerek bolan programmalary tapmak has aňsat we tiz bolar. Täzelenen menýu Windows 11 ulanyjylary üçin 2025-nji ýylyň dowamynda elýeterli bolar diýip, «Windows Latest» neşiri habar berýär.

«Windows Latest» neşiriniň habaryna görä, Windows 11-iň soňky «Build 22635.4805» belgili wersiýasynda «Başlat» menýusyna birnäçe gyzykly we peýdaly aýratynlyklar goşuldy. Kän bir uly üýtgeşmeler ýok, ýöne indi gurnalan programmalary görmek üçin üç dürli režim bar: adaty sanaw (häzirki ýaly), atlar boýunça tertiplenen gözenekleýin görnüş we programmalary kategoriýalara bölüp, kiçi bukjalara ýerleşdirmek mümkinçiligi.
Täzelenme programmalary maksatlaryna görä toparlara bölmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, olary ulgamy dolandyrmaga degişli programmalar, mazmun döretmek üçin niýetlenen programmalar we ş.m. ýaly aýratyn toparlara bölüp bolýar. Programmalaryň nyşanyna basylsa degişli programma açylar, kategoriýanyň (kiçi bukjanyň) adyna basylanda bolsa şol toparda ýerleşýän ähli programmalar görner.


Täzelenen «Başlat» menýusynda tertiplemek funksiýasy emeli aň (EA) arkaly işleýär. EA operasion ulgamda bar bolan programmalaryň atlaryny, meta-maglumatlaryny derňeýär we bar bolan maglumat çeşmeleri bilen deňeşdirip, olary degişli kategoriýalara ýerleşdirýär. «Kategoriýalar» bölümindäki animasiýalaryň we geçiş hereketleriniň hiç hili doňman we yza galman işleýändigi bellenip geçilýär.
Täzelenen «Başlat» menýusy resmi taýdan Microsoft Build 2025 çäresinde görkeziler. Çäre 19-22-nji maýda ABŞ-nyň Sietl şäherinde geçiriler.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...