Gresiýanyň parlamenti ýurduň täze Prezidentini saýlady

  • 13.02.2025 15:40
  • 3.8k+

Gresiýanyň parlamentiniň öňki başlygy, dolandyryjy “Täze demokratiýa” konserwatiw partiýasynyň agzasy Konstantinos Tasulas ýurduň täze Prezidenti saýlandy. Onuň dalaşgärligini premýer-ministr Kiriakos  Misotakis öňe sürdi we parlamentiň deputatlary tarapyndan goldanyldy diýip, Vouli parlament teleýaýlymyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Döwlet Baştutany wezipesine dört dalaşgär hödürlendi, ýöne Tasulas konstitusiýada göz öňünde tutulan ses bermegiň bäş tapgyrynyň dowamynda ýeňiş gazanmak üçin hakyky mümkinçiligi bolan ýeke-täk dalaşgärdi.
Häzirki döwlet Baştutany Katerina Sakellaropulunyň bu wezipede bäşýyllyk möhleti 13-nji martda gutarýar. Şol gün hem täze Prezidentiň kasam kabul edişi bolar.
2014-nji ýylda Tasulas Gresiýanyň medeniýet we sport ministri wezipesini eýeledi, 2019-njy ýyldan bäri üç gezek ýurduň parlamentiniň spikeri saýlandy.
Belläp geçsek, Gresiýada Prezident wezipesi, esasan, dabaraly häsiýete eýedir. Prezident Ýaragly güýçleriň Baş serkerdebaşysy bolup, dünýä arenasynda Gresiýa wekilçilik edýär, ilçiler bilen duşuşýar, şertnama baglanyşýar, ýöne onuň, meselem, kanuna gadaganlyk girizmäge ýa-da premýer-ministri wezipeden aýyrmaga hukugy ýokdur. 


düýn 19:38
4k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

25.03.2026 13:04
1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidenti Konstantinos Tasulasa ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny ýollady. Döwlet Baştutany öz gutlagynda Konstantinos Tasulasa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gresiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi...

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...