Tesla Şanhaýda akkumulýator önümçiligi boýunça ägirt zawody işe girizdi

  • 13.02.2025 14:20
  • 3.2k+

Tesla kompaniýasy Şanhaýda akkumulýator batareýalarynyň önümçiligi boýunça täze zawody işe girizdi. Zawod 11-nji fewralda Megapack akkumulýatorlaryny öndürip başlady diýip, Sinhua agentligine salgylanyp, Reuters habar berýär.

Zawod Tesla-nyň Lingan sebitindäki elektromobil öndürýän zawodynyň golaýynda ýerleşýär. Täze zawod ilkibaşda ýylda 10 000 sany Megapack öndürer. Bu bolsa, takmynan, 40 gWt/sag energiýa deňdir. 2019-njy ýylda hödürlenen Megapack batareýalary öňki Powerpack 2 modeliniň ornuna geldi. Her bir akkumulýator 3 MWt/sag sygyma we 1,5 MWt kuwwata eýe bolup, bir sagadyň dowamynda, takmynan, 3600 öýi energiýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Täze zawod akkumulýator batareýalaryny hem içerki bazar, hem eksport üçin öndürer. Megapack-yň önümçiligi Tesla-nyň energetika çözgütleriniň global bazarynda ornuny berkitmäge ýardam eder.
Ýatlap geçsek, Tesla-nyň uly energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde eýýäm tejribesi bar. 2017-nji ýylda kompaniýa 20 MWt kuwwatly we 80 MWt/sag sygymly litiý-ion akkumulýatorlarynyň esasynda dünýäde iň uly ätiýaçlyk energiýa saklaýyş desgasyny işe girizdi. Megapack-yň peýda bolmagy bilen, kompaniýanyň bu ugurda mümkinçilikleri ep-esli giňeldi.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......