Demirgazyk Arala ekoulgamy dikeltmek üçin 1 mlrd kubometr suw gönükdirildi

  • 13.02.2025 14:00
  • 8.2k+

2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2025-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli Demirgazyk Arala 1 mlrd kubometr suw guýuldy, bu meýilleşdirilen möçberden 100 mln kubometr köpdür. Howdanyň dikeldilmegi suwuň minerallaşmagynyň peselmegine, balyk gorlarynyň artmagyna we sebitiň ekologiýasynyň gowulanmagyna ýardam edýär diýip, Gazagystanyň Suw baýlyklary we suwaryş ministrligi habar berýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gazanylan ylalaşygyň netijesinde, 2025-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli Demirgazyk Arala jemi 1,6 mlrd kubometr suw gönükdiriler.
Demirgazyk Aral deňzinde suwuň umumy möçberi eýýäm 22,1 mlrd kubometre ýetdi, bu 2022-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 3,2 mlrd köpdür. Meýilnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli görkeziji 23,4 mlrd kubometre ýetmeli.
Howdanyň meýdany 3065 inedördül kilometre çenli ulaldy, bu 2022-nji ýylyň başyndakydan 111 inedördül kilometr uludyr.
Suw baýlyklarynyň artmagy suwuň minerallaşmagyny peseltmäge we balyklaryň 22 görnüşiniň populýasiýasyny dikeltmäge mümkinçilik berdi. Balyk tutmagyň ýyllyk möçberi 8 müň tonna ýetdi. Häzirki wagtda Kokoral bendini gorap saklamak we Syrderýanyň deltalarynyň kanallaryny dikeltmek boýunça taslama tamamlanýar. 
Guran ýerleri gök zolaga öwürmek üçin 4,4 mln nahal oturdyldy. 2021-nji ýyldan bäri ekiş işleri 475 müň gektary öz içine aldy, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa bu görkezijini 1,1 mln gektara ýetirmek meýilleşdirilýär.
Aral deňziniň guran ýerlerini gök zolaga öwürmek topragyň eroziýasynyň öňüni almaga mümkinçilik berip, çäge we duz tupanlaryna garşy göreşmäge kömek eder. Bu sebitdäki daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrar hem-de ýerli ýaşaýjylaryň saglygyny gorar.
Gazagystan 2024-2026-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýolbaşçylyk edýär. Ýatlap geçsek, Türkmenistan hem gaznanyň agzasy bolup, oňa 1999-2002-nji we 2016-2019-njy ýyllarda ýolbaşçylyk etdi. 1993-nji ýylyň ýanwar aýynda döredilenden bäri Araly halas etmegiň Halkara gaznasy suw hojalygy we ekologiýa meselelerini çözmekde sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny we özara gatnaşygyny güýçlendirmekde möhüm orun eýeledi.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.3k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......