Volvo täze «EX30 Cross Country» krossowerini resmi taýdan hödürledi

  • 13.02.2025 13:38
  • 3.4k+

Şwesiýa sowuk howa şertleri, ýabany tokaýlary we ygtybarly ulaglary bilen meşhurdyr. Volvo hut şular ýaly gurşawda dynç almagy halaýanlar üçin niýetlenen täze «EX30 Cross Country» krossowerini resmi taýdan hödürledi. Bu barada «Top Gear» neşiri habar berýär.

Täze model ýerden artdyrylan beýikligi, has uly tekerleri we islege görä oturdylýan ýolsuz ýerler üçin niýetlenen 18 dýuýmlyk şinalary bilen tapawutlanýar. Doly hereketli ulgamy awtoulagy garly, palçykly we ýolsuz ýerlerde ynamly sürmäge mümkinçilik berýär.
Modeliň täzelenen dizaýnyna öňki we yzky gorag örtükleri hem-de giňeldilen teker arkalary degişlidir. Ulagyň kapoty Şwesiýanyň iň beýik dagy bolan Kebnekaýseniň topografik kartasy bilen bezelen. Salony bolsa ergonomiki çözgütler, zat saklamak üçin niýetlenen amatly nişler we ses arkaly dolandyrylýan «Google Built-in» bilen enjamlaşdyrylandyr.

Volvo kompaniýasynyň beýleki modelleri ýaly, «EX30 Cross Country» hem kämil howpsuzlyk ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol awtomatiki gyssagly tormoz ulgamy, kör nokatlara gözegçilik, sürüjiniň ýadawlygyny barlamak, pyýadalar we welosiped sürýänler bilen heläkçilige uçramak howpuny duýdurmak ýaly aýratynlyklary öz içine alýar.
Ulagy satyn aljaklara «Cross Country Experience» toplumy hem hödürlenýär. Oňa üçegiň üstüne goýulýan ýük sebedi, ýolsuz ýerlerde sürmek üçin goşmaça abzallar we berkidilen basgançaklar degişlidir.
«Volvo EX30 Cross Country» 2025-nji ýylyň ahyrynda ABŞ bazarynda satuwa çykarylar.


06.02.2026 15:08
2.6k+

Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi

Volvo kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin özüniň ýeke-täk täze modeli bolan EX60 elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Emma tanyşdyrylyş dabarasy täze tehnologiýalardan has köp, ulagyň tekerleriniň "adatdan daşary" hereketi bilen ýatda galdy...

27.01.2026 10:20
2.2k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer...

17.10.2025 17:14
5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...

07.10.2025 12:48
2.6k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...