Pol Meskal bilen Hanna Kruz 20 ýyllap düşüriljek filmde surata düşerler. Wagt grimiň ornuny tutar

  • 12.02.2025 21:35
  • 5.9k+

Amerikaly režissýor Riçard Linkleýter “Şadyýan aýlanýas” (“Весело мы катимся”) filmi üçin aktýorlary toplamagyny dowam etdirýär. 64 ýaşly režissýor filmi 20 ýylyň dowamynda surata düşürmegi meýilleşdirýär.

1981-nji ýylyň mýuzikline esaslanýan taslama aktrisa Hanna Kruz goşuldy. Ol Gassiniň keşbini ýerine ýetirer. Ol Gladiator 2-niň ýyldyzy Pol Meskalyň ýerine ýetirmegindäki Franklin Şepardyň aýalynyň keşbinde oýnar.
Şepard Golliwudyň hatyrasyna dostlaryny we karýerasyny terk eden üstünlikli kompozitor.
Filmiň dowamly surata düşürilmegi ony özboluşly eder. Sýužet boýunça wakalar iki onýyllygyň dowamynda ýaýbaňlanar we Linkleýter filmi hem şonuň ýaly wagtyň dowamynda surata düşürmegi meýilleşdirýär. Ol özüniň “Ýetginjeklik” (“Отрочество”) filmini 12 ýyllap düşürmek bilen, şu usuly ulanypdy.
Stiwen Sondhaým bilen Jorj Fertiň asyl mýuzikli 1934-nji ýylyň sahna eserine esaslanýar. Mýuzikl ilkinji gezek şol ýyl Brodweýde geçipdi we ýakynda Deniel Redklif, Jonatan Grof we Lindsi Mendes bilen ýene sahna gaýdyp geldi.


düýn 23:58
943

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....