Marsdan öň tapylan jynslaryň hiç birine meňzemeýän dag jynsynyň nusgasy tapyldy

  • 12.02.2025 20:22
  • 4.4k+

Perseverance mars roweri Marsdaky Ýezero krateriniň golaýyndan ozal tapylanlaryň hiç birine meňzemeýän dag jynsynyň nusgasyny tapdy. NASA-nyň alymlary ony Gyzyl planetanyň uzak geçmişini açyp biljek möhüm tapyndy hasaplaýarlar.

Kosmos gämisi 2,9 santimetr ölçegdäki adaty bolmadyk bu nusga “Kümüş dag” diýilýän ýerde duş geldi. Bu sebitdäki jynslar uly ylmy gyzyklanma döredýär, sebäbi olarda Marsyň ösüşiniň başlangyç döwürleri barada maglumatlar bolup biler. Barlagçylar olaryň milliardlarça ýyl ozal planetanyň asteroid ýa-da kometa bilen çaknyşmagy netijesinde planetanyň jümmüşinden üstki gatlagyna zyňylandygyny çaklaýarlar.
NASA-nyň hünärmenleri munuň Marsyň geologiki taryhynda dört milliard ýyldan gowrak dowam eden Noý döwrüne degişli ilkinji nusgadygyny aýdýarlar.


şu gün 00:18
1.2k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......