Merkezi Afrika Respublikasy öz memkoinini işe girizdi: birnäçe sagatda onuň gymmaty $897 mln-a çykyp, 97% aşak gaçdy

  • 12.02.2025 15:55
  • 3.7k+

Merkezi Afrika Respublikasynyň (MAR) Prezidenti Fosten-Arkanž Tuadera 9-njy fewralda Solana blokçeýninde $CAR atly memkoiniň işe girizilendigini yglan etdi. Ol muny «bir memiň adamlary nädip birleşdirip, hatda milli ösüşi hem goldap, Merkezi Afrika Respublikasyny dünýä sahnasyna nädip çykaryp biljekdigini» görkezmek üçin geçirilen synag hökmünde atlandyrdy.

Köp adamlar bu habara şübhe bilen garap, Prezidentiň hasabynyň döwülendigini çaklapdylar, sebäbi habar Merkezi Afrika Respublikasynyň resmi dilinde däl-de, iňlis dilinde ýazylypdy. Şondan soňra Tuadera fransuz dilinde wideo neşir edip, bu taslamanyň hakykylygyny tassyklady.
«Decrypt» neşiriniň maglumatlaryna görä, $CAR memkoininiň kapitallaşdyrylşy iki ýarym sagadyň dowamynda 1210% ýokarlanyp, 68 million dollardan 897 million dollara çykdy. Bu bolsa MAR-yň 3 milliard dollarlyk jemi içerki önüminiň (JİÖ) takmynan üçden bir bölegine deňdir.
Elbetde, käbir treýderler (söwdagärler) bu pursatdan peýdalanmagy ýüregine düwdi. Media çeşmeleriniň habarlaryna görä, olardan biri 47 million sany $CAR tokeni satyn alyp, bary-ýogy üç sagadyň dowamynda «bary-ýogy 5 müň dollarlyk maýa goýumyny 12 million dollara çykardy». Başga bir treýder bolsa $CAR memkoininden 40 million dollar gazanmak mümkinçiligini elden giderdi.
Ýöne garaşylşy ýaly, memkoiniň kapitallaşdyrylşy tiz pese gaçyp başlady. 11 sagadyň dowamynda onuň bazar bahasy 125 million dollara çenli aşaklady. Tuadera taslamany goldamak maksady bilen ýene bir wideo çap edip, $CAR memkoininiň üstünlikli işe girizilendigini we gazanylan serişdeleriň sosial maksatly sarp ediljekdigini aýtdy. Bu wideo memkoiniň bahasyny gysga wagtlygyna hem bolsa 400 million dollara çenli ýokarlandyrdy, emma soňra onuň umumy gymmaty iň ýokary derejesinden 97% pese düşüp, 27 million dollara çenli aşak gaçdy.
Bilermenleriň bellemegine görä, aslynda $CAR üçin düýpli meýilnama ýokdy. Bu kriptowalýuta resmi pul birligi däldi, banklar tarapyndan kabul edilmeýärdi, hatda onuň web sahypasy hem dogry işlemeýärdi, üstesine-de taslamanyň sosial tordaky hasaby hem petiklenipdi. Analitiklere görä, $CAR memkoininiň bahasy spekulýatiw aktiwlere mahsus bolan hereketler bilen üýtgeýärdi we edil Donald Trampyň memkoinine meňzeýärdi.


06.02.2026 09:27
2.4k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.1k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.8k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...