TRUMP we MELANIA memkoinleri bazar bahasy boýunça iň iri kriptowalýutalaryň sanawyna girdi

  • 20.01.2025 16:42
  • 6.4k+

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampyň hususy kriptowalýutasynyň söwda möçberi bir günde 15 mlrd dollardan geçdi. Bu barada CoinGecko platformasynyň maglumatlarynda aýdylýar.

Syýasatçy özüniň $TRUMP memkoininiň işe girizilendigi barada 18-nji ýanwarda Truth Social sahypasynda habar berdi.
Işe girizilenden soň walýuta bir birlik üçin 4,29 dollar derejesinde satyldy. Ýöne 24 sagadyň dowamynda onuň bahasy on esseden gowrak ýokarlandy, soňra ösüşini dowam etdirip, iň ýokary derejesinde 73,43 dollara ýetdi.
Soňra baha korrektirlendi, ýöne şol wagta çenli käbir söwdagärler kriptowalýutanyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyndan täsirli girdeji gazanyp bildi. Maýadarlaryň biri satuwyň başynda 1,1 mln dollara 6 mln teňňe satyn alyp, bir ýarym minutda 20 mln dollar gazandy.
Häzirki wagtda satyn almak üçin 200 mln token elýeterli. Işläp düzüjiler geljek üç ýylyň dowamynda tokenleriň umumy sanyny 1 milliarda çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.
Soňra Tramp X sosial ulgamynda öz aýaly Melaniýa Tramp üçin täze memkoiniň işe girizilendigi barada habar ýerleşdirdi. Kriptowalýuta $MELANIA adyny aldy. Onuň dynç güni işe girizilmegi saýlanan Prezidentiň öz kriptowalýutasynyň hem bahasyna täsir etdi. Ýekşenbe gününiň ortasynda $TRUMP bahasyndan 36%-ini ýitirdi.
Häzir (Aşgabat wagty bilen 20-nji ýanwar sagat 11:49-a çenli ýagdaýa görä) memkoin 61,52 dollar derejesinde satylýar we henizem ösüş görkezýär.
Memkoin – bu internet memlerinden ylham alan sanly walýuta. Adaty kriptowalýutalardan tapawutlylykda, şeýle tokenleriň düýpli gymmaty ýok. Olaryň bahasy diňe bazara gatnaşyjylaryň gyzyklanmalary we islegleri sebäpli emele gelýär.
$TRUMP teňňesi Solana (SOL) blokçeýninde döredildi. Kriptowalýutanyň nyşany elini ýokary galdyryp duran we FIGHT FIGHT FIGHT ýazgyly Donald Trampy şekillendirýär. Bu 2024-nji ýylyň iýul aýynda bolup geçen Trampyň janyna kast etmek synanyşygyna ugrukdyrmadyr.


düýn 20:25
5.9k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.5k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......