Warner Bros. Bred Pittiň gatnaşmagynda “Formula-1” baradaky filmiň tizerini hödürledi

  • 11.02.2025 15:46
  • 2.4k+

Warner Bros. Pictures kinokompaniýasy “Formula-1” baradaky filmiň täze tizerini hödürledi. Baş keşbi Bred Pittiň ýerine ýetirmegindäki film “Formula-1” diýlip hem atlandyrylýar.

Bred Pitt filmde awtosport weterany Sonni Heýsiň keşbini ýerine ýetirdi.
Film ýaş sürüji Joşua Pirs (Demson Idris) bilen şertnama baglanyşýan oýlanyp tapylan “Apeks” topary barada gürrüň berer. Toparyň eýesi (Hawýer Bardem) täze ýaryşa gatnaşyjy üçin tejribeli halypanyň gerekdigi baradaky netijä gelýär we topara öz köne dosty, 1990-njy ýyllarda “F-1-iň” gatnaşyjysy bolan Sonni Heýsi çagyrýar.
Tizerde ýaryşdan käbir kadrlar, şol sanda baş gahrymanyň gatnaşmagynda bolan agyr heläkçilik görkezilýär.
Bred Pitt – iki “Oskar” baýragynyň, iki “Altyn globusyň” we beýleki köp sanly abraýly kino baýraklarynyň eýesi.
Filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň 27-nji iýunyna meýilleşdirilýär.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....