2024-nji ýylda çip satuwyndan gazanylan girdeji görlüp-eşidilmedik 627,6 mlrd dollara ýetdi

  • 11.02.2025 14:32
  • 3.6k+

2024-nji ýylda ýarymgeçiriji komponentleriň satuwyndan gazanylan global girdeji 19,1% ýokarlanyp, rekord 627,6 mlrd dollara ýetdi. SIA assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, ösüşiň esasy hereketlendirijisi logiki mikroshemalar we ýat boldy.

Bellenilişi ýaly, dördünji çärýekde ösüş ýyllyk hasabynda 17,1% boldy, dekabr aýy bolsa 2023-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende, 17,1% ösüş görkezdi.
Sebitleriň arasynda iň uly ösüş Amerikada hasaba alyndy, bu ýerde girdeji 56,3%, 20 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Ýaponiýa 4,1% goşdy, Hytaý bolsa, sanksiýalara garamazdan, dekabr görkezijilerini 2,6%, 15,5 mlrd dollara çenli artdyrdy. Ýewropada satuw 8,6% azaldy.
Iň esasy ösen ugur 212,6 mlrd dollar bilen logiki mikroshemalar boldy. Ýat pudagy 78,9% ösüş görkezip, 165,1 mlrd dollara ýetdi. Bu, esasan, DRAM (+82,6%) we HBM mikroshemalarynyň ýokary satuwy netijesinde mümkin boldy.
SIA analitikleri 2025-nji ýylda-da ýarymgeçirijileriň satuwyndan gelýän girdejiniň iki belgili ösüş görkezmegini çaklaýar.


06.05.2026 19:44
4.6k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......

30.04.2026 20:03
5.8k+

London marafonynyň ýeňijsiniň geýen «super-krossowkasy» Adidas-yň söwdasyny hem «öňe ylgatdy»

2026-njy ýylyň London marafony sport dünýäsinde hakyky öwrülişik boldy. Bu ýaryşda rowaýaty «iki sagatlyk böwet» aşyldy we täze dünýä rekordlary goýuldy. Bellemeli ýeri, bu üstünlikde Adidas kompaniýasynyň......

04.02.2026 15:29
8.9k+

Ilon Maskyň baýlygy 850 mlrd dollardan geçdi: Ol eýýäm şu ýyl dünýäde ilkinji trillioner bolup biler

Ilon Mask maliýe rekordlaryny täzeden ýazýar. Onuň umumy baýlygy 852 milliard dollara ýetdi we ol kapitaly 800 milliarddan aşan dünýädäki ilkinji ynsan boldy. Bu duýdansyz ösüş SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşmegi netijesinde ýüze çykdy...

26.12.2024 17:42
16k+

Toyota önümçiliginiň pese düşendigine garamazdan, ýene-de satuw rekordyny täzelemegi başardy

Toyota dünýä boýunça satuwynda ösüş görkezmegini dowam edýär. Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi, on aý bäri awtoulag önümçiliginiň pese düşendigine garamazdan, noýabr aýynda satuw mukdary boýunça rekordyny täzeledi...