Näme üçin lagyllar gyzyl, zümerretler bolsa ýaşyl: alymlaryň jogaby

  • 11.02.2025 14:13
  • 4k+

Lagyllar we zümerretler çuňňur hem doýgun reňkleri bilen meşhurdyr. Olaryň reňkleri gyzyl we ýaşyl öwüşginleriň nusgasy bolup durýar. Eýsem, bu ajaýyp reňkler nireden gelip çykýar? Jogap, himiýa bilen baglanyşykly. Esasy sebäp bolsa ýekeje element – hrom. Bu barada The Conversation neşirindäki makalada aýdylýar.

Lagyllar we zümerretler berk himiki düzümli we kristal gurluşly minerallardyr. Lagylyň esasy düzümi korunddyr. Ol alýumin bilen kislorodyň birleşmesidir. Zümerret bolsa berillden emele gelýär, ol bolsa berilliý, alýumin, kremniý we kisloroddan ybaratdyr. Bu minerallar aslynda arassa ýagdaýda reňksiz bolýar. Emma olaryň düzümindäki alýuminiň takmynan 1%-iniň hrom bilen çalşylmagy, olaryň özboluşly öwüşginlerini emele getirýär.
Gymmatbahaly daşlaryň reňki 1920-nji ýyllarda fizikler tarapyndan işlenip düzülen kristalliki meýdanyň teoriýasy bilen düşündirilýär.
Biziň görýän ýagtylygymyz dürli reňklerden ybaratdyr. Käbir maddalar käbir reňkleri özüne siňdirýär, käbirlerini bolsa yzyna şöhlelendirýär.
Lagyllardaky hrom ionlary gök we ýaşyl ýagtylygy siňdirýär, şöhlelenýän gyzyl ýagtylyk bolsa daşyň doýgun gyzyl görünmegine sebäp bolýar. Zümerretlerde-de gyzyl we gök ýagtylyklar siňdirilýär, şöhlelenýän ýaşyl ýagtylyk bolsa daşyň özboluşly ýaşyl reňkini emele getirýär.
Umuman, lagyllaryň we zümerretleriň gözelligi tebigatyň ajaýyp gudratydyr. Ýöne bu gudraty diňe bir tebigatyň syrly güýji bilen düşündirip bolmaz. Munuň arkasynda atomlaryň özara täsiri we himiýanyň çylşyrymly kanunlary ýatyr. Bu gymmatbahaly daşlara seredeniňde diňe bir olaryň gözelligine haýran galman, eýsem mikroskopiki derejedäki dünýäniň nähili geň we ajaýypdygyna syn edip bolýar.


düýn 11:37
3.7k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
2.7k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.5k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.3k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......