Mercedes-Benz E-Class çaknyşyk synagynda garaşylýan netijeleri bermedi

  • 11.02.2025 08:35
  • 10k+

Täze altynjy nesil «Mercedes-Benz E-Class» (W214) ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygy ätiýaçlandyryş instituty (IIHS) tarapyndan geçirilen çaknyşyk synagynda garaşylýan netijeleri bermedi diýip, «autoevolution» neşiri habar berýär.

Täze sedan ýokary standartlaryna garamazdan, öň tarapdan çaknyşyk synagynda, esasanam yzky ýolagçylaryň howpsuzlygy boýunça «ortaça» baha aldy.
Mesele nämede? Howpsuzlyk kemeri 12 ýaşly çaganyň ýa-da islendik bir kiçi göwreli adamyň biline (bykynyna) dogry ýerleşmän, garnynyň üstüne süýşüp bilýär. Bu ýagdaý bolsa şikes ýetme howpuny artdyrýar.
IIHS-iň neşir eden maglumatlaryna görä, hatda synag wagtynda howpsuzlyk kemeriniň egin guşagy hem öz ýerinden süýşüp, ýokarlygyna galdy. Bu bolsa ýolagçylaryň howpsuzlygyny pese gaçyrdy. Netijede, «E-Class» abraýly «Top Safety Pick+» baýragyny alyp bilmän, «Top Safety Pick» bilen çäklendi.
Mundan başga-da täze «E-Class» ulagynyň standart faralary kämahal gysga şöhlelenmeleri döretdi. Awtomatiki gyssagly tormoz ulgamy bolsa «gowy» baha alyp bilmän, «ýeterlik» diýlip kesgitlenildi.


düýn 15:59
2.6k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......

22.04.2026 16:13
2.6k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....