«Annie Awards» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 10.02.2025 21:53
  • 2.1k+

«Annie Awards» baýragynyň 52-nji gowşurylyş dabarasynyň ýeňijileri yglan edildi. Los-Anjelesde geçirilen dabaranyň esasy ýeňijisi – dokuz sany esasy nominasiýada baýrak alan «Ýabany robot» (Дикий робот) boldy.

DreamWorks studiýasynyň bu taslamasy «Iň gowy doly metražly multfilm», «Iň gowy režissýorlyk», «Iň gowy keşp dizaýny» we «Iň gowy multfilm saundtreki» ýaly ugurlarda ýeňiş gazandy.
Telewideniýe kategoriýalarynda Netflix platformasynyň «Arkeýn» (Аркейн) multserialynyň ikinji möwsümi iň köp baýrak alan taslama boldy – ol dalaşgär edilip görkezilen ýedi nominasiýanyň ählisinde ýeňiji boldy. Şolaryň arasynda «Iň gowy animasion serial režissýorlygy», «Iň gowy keşp animasiýasy» we «Iň gowy multserial saundtreki» ýaly ugurlar bar.
«Iň gowy garaşsyz multfilm» nominasiýasynda latwiýaly režissýor Gint Zilbalodisiň «Akym» (Поток) atly eseri ýeňiji boldy. Bu multfilm «Iň gowy ssenariýa» baýragyna hem eýe boldy.

Beýleki esasy nominasiýalaryň ýeňijileri:

  • ·Iň gowy ulular üçin multserial – «Bobyň garbanyşhanasy» (Закусочная Боба)
  • ·Iň gowy çagalar üçin multserial – «Aý gyzy we DinoŞeýtan» (Лунная Девочка и ДиноДьявол)
  • ·Iň gowy gysga metražly multfilm – «Orion we tümlük» (Орион и тьма)
  • ·Filmde iň gowy keşp animasiýasy – «Maýmynlar planetasy: Täze patyşalyk» (Планета обезьян: Новое царство)

Ýeňijileriň doly sanawy bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....