Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti «Men – geljekki hünärmen» diýen integrirlenen olimpiadany geçirer

  • 09.02.2025 21:32
  • 8k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýurduň mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryny hem-de uçurymlaryny «Men – geljekki hünärmen» atly integrirlenen olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşige Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary we orta mekdebi tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt bolmadyk ýaş raýatlar gatnaşyp bilýärler. Gatnaşjaklary bellige almak 10-njy marta çenli dowam eder.
Olimpiada 15-nji martdan 15-nji maýa çenli döwürde bäş ugur: matematika, informatika, iňlis dili, jemgyýeti öwreniş hem-de Türkmenistanyň taryhy boýunça geçiriler. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde geçirilip, üç tapgyry özünde jemleýär.
Birinji saýlama hem-de ikinji tapgyrlar ýokary okuw mekdebi tarapyndan onlaýn görnüşde guralar. Olimpiadanyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň jemleri boýunça iň oňat netijeleri görkezen gatnaşyjylar üçünji, jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine çagyrylar. 
Giňişleýin maglumatlary uniwersitetiň saýtynda alyp bolar.
Telefonlar:
+99312 398513;
+99312398550
E-mail: 
iuhdolympiads@gmail.com


şu gün 18:58
836

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......