Vogue öňümizdäki ýaz möwsüminiň moda üstbaşyny kesgitledi

  • 09.02.2025 19:30
  • 3.6k+

1970-nji ýyllaryň modasy gaýdyp gelýär. Vogue žurnalynyň bilermenlerine görä, 2025-nji ýylyň ýaz paslynda «boho-şik» stili trende öwrüler. Şeýle-de modanyň esasy trendi süýümtik (zamşa) matadan tikilen penjekler bolar. Şular ýaly eşikler 50 ýyl mundan ozal her bir adamyň geýim şkafynda hökman bolýardy.

Şeýle penjekleri dünýä belli brendleriň täze kolleksiýalarynda tapyp bolýar. Ýakynda geçirilen moda görkezilişlerinde Miu Miu, Prada, Fendi we Coperni brendleri hem meňzeş eşikleri hödürlediler. Olary islendik gündelik eşik bilen utgaşdyryp bolýar, iň stilistik sazlaşyk bolsa jinsiler bilen gazanylýar.
Bilermenlere görä, «denim» (gök jinsi material), emeli ýüň we deriden tikilen eşikler hem meşhur bolar. Stilistleriň maslahatlaryna görä, şu materiallardan tikilen plaş-trençkotlar, kurtkalar we penjekler aýratyn üns bermäge mynasyp. Şeýle eşikleri Gucci, Dior we Yves Saint Laurent brendleriniň kolleksiýalaryndan tapyp bolýar.

düýn 13:03
5.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....