«2024-nji ýylyň syýahatçy-suratçysy» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 09.02.2025 17:30
  • 7.5k+

Halkara Travel Photographer of the Year 2024 («2024-nji ýylyň syýahatçy-suratçysy», TPOTY) bäsleşiginiň guramaçylary ýeňijileri yglan etdiler.
Şu ýyl eminler topary dünýäniň 150 ýurdundan gatnaşan suratçylaryň iberen 20 müňden gowrak işini gözden geçirdiler. Bilermenler dürli ugurlar boýunça iň gowy suratlary saýladylar. Eminler bu suratlaryň «dünýäniň reňklerini we duýgularyny açyp görkezýän ajaýyp wizual syýahatdygyny» belläp geçýärler.

🏆 Bäsleşigiň absolýut ýeňijisi – Paýper Makkeý (Piper Mackay).




Amerikan suratçy Paýper Makkeý infragyzyl suratçylyk (infrared photography) usuly bilen düşüren suratlary üçin baş baýragy gazandy. Onuň işleri, şol sanda afrikaly aýallaryň portretleri hem-de Keniýa deňiz düzlüginden geçýän žiraflaryň şekilleri, adaty bolmadyk reňk äheňi bilen tapawutlanyp, mistiki duýgy döredýär.
Makkeý bu baýragyň onuň Afrikada geçiren 20 ýyllyk işiniň iň ýokary derejesi bolandygyny aýtdy.

📷 Aýry-aýry ugurlar boýunça ýeňijiler:
«Ýabany haýwanlar, 
tebigat, suwasty dünýä» – Joşua Holko (Joshua Holko).



«Ýüzler, adamlar, medeniýetler» – Parta Pratim Roý (Partha Pratim Roy).




📂 Iň gowy portfoliolar:
«Ýabany haýwanlar, 
tebigat, suwasty dünýä» – Jenni Stok (Jenny Stock).




«Ýer planetasy – landşaft, klimat we suw» – Roi Galits (Roie Galitz).


«Ýüzler, adamlar, medeniýetler» – Marikrus Sains de Aha (Maricruz Sainz de Aja).


👶 Ýaş ýeňijiler:
14 ýaşa çenli
 – Leonardo Mýurreý (Leonardo Murray).

15-18 ýaş aralygy – Maksimilian Paçkowski (Maksymilian Paczkowski).

🏅 Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan: Mauro De Bettio (Mauro De Bettio).







10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......