Üstünlige barýan ýol nämeden başlaýar?! Köp zähmet çekmekdenmi, hyýal etmekdenmi ýa-da öňüňde bellibir maksat goýmakdanmy?!
Bularyň hiç birini-de gözden salyp bolmaz, çünki olar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly, biri beýlekisiniň üstüni ýetirýär. Öňüňde kesgitli maksat goýup, tutanýerlilik bilen zähmet çekseň – bu hökman öz miwesini berer.
Şol bir wagtyň özünde, üstünlige tarap ýolda iň kyn ýeri – kynçylyga, hatda şowsuzlyga uçran halatyňda ýene aýaga galyp, ýoluňy dowam etdirmek bolsa gerek. Munuň üçin höwes, yhlas, erk hem-de uly ruhy güýç zerur.
TmCars-yň döredijilik topary öz okyjylary üçin üstünlik, erjellik we päsgelçilikleri ýeňip geçmek baradaky wakalary gürrüň berýän 10 filmi saýlady. Sport dramalary, belli telekeçileriň geçen ýoly – bu mowzuklara bagyşlanan filmler size üstünligiň dürli taraplaryny açyp, arzuwyňa barýan ýodada hiç haçan boýun synmaly däldigini görkezer.
1. “Bagtyň kowgusy” (В погоне за счастьем / The Pursuit of Happyness, 2006): Kyn döwri başdan geçirýän, ýöne päsgelçiliklere garamazdan, maksadyna tarap hereket edýän Kristofer Gardneriň wakasy. Baş keşbi Uill Smitiň ýerine ýetirmegindäki bu film hatda iň kyn ýagdaýlarda-da tutanýerli bolup, özüňe ynanmalydygyny görkezýär.
2. “Rokki” (Рокки / Rocky, 1976): Çempionlyk tituly üçin mümkinçilik gazanýan filadelfiýaly boksçy Rokki Balboa barada klassyky film bolup, yhlasly zähmet çekse, her bir adamyň mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär.
3. “Pele: Rowaýaty şahsyýetiň dünýä inmegi” (Пеле: Рождение легенды / Pelé: Birth of a Legend, 2016): Taryhyň iň beýik futbolçylarynyň biri bolan Pele barada terjimehal dramasy. Film onuň Rio-de-Žaneýronyň pukara sebitinden dünýä üstünligine barýan ýoluny görkezýär.
4. Nokdaun (Нокдаун / Cinderella Man, 2005): Ringe dolanyp, Beýik çökgünlik döwründe agyr agramda dünýä çempiony bolýan boksçy Jeýms Breddokyň hakyky wakalaryna esaslanýan güýçli drama. Bu film ruhy güýç we hemme zat ýitirilen ýaly görünse-de, özüňe ynanmagyň zerurlygy barada. Şeýle-de, maşgala gymmatlygy we goldaw barada pikirler öňe sürülýär.
5. Sosial ulgam (Социальная сеть / The Social Network, 2010): Facebook-yň döredilmegi we Mark Sukerberg barada film. Ol talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýynda dörän pikiriň dünýäni nähili üýtgedip, hyjuwyň we zehiniň uly üstünliklere getirip biljekdigini görkezýär.
6. “Gol” (Гол! / Goal!, 2005): Los-Anjelesiň pukara ýerlerinden çykyp, Angliýanyň Premýer-ligasyna aralaşýan ýaş futbolçy barada sport dramasy. Bu filmiň dowamy-da bar – “Gol 2: Arzuw ýaly durmuş” (2007). Onda baş gahryman has ýokary derejä çykyp, “Realyň” oýunçysy bolýar. Filmleriň ikisine-de hakyky dünýä futbolynyň ýyldyzlary gatnaşdy: Zinedin Zidan, Dewid Bekhem, Raul, Stiwen Jerrard, Roberto Karlos, Ronaldo we beýlekiler.
7. “Guru: Üstünlige tarap ýol” (Гуру: Путь к успеху / Guru, 2007): Batraklykdan senagat magnatyna çenli ýol geçýän adam barada ruhlandyryjy film, hindi dramasy. Bu waka Reliance Industries kompaniýasyny esaslandyryjy, milliarder Dhirubhaý Ambaniniň ykbalyndan ylham aldy.
8. “Şanelden öňki Koko” (Коко до Шанель / Coco Before Chanel, 2009): Koko Şaneliň durmuşynyň irki ýyllary we onuň moda dünýäsinde üstünlige barýan ýoly barada tejrimehal dramasy. Film stiliň, nepisligiň we döwrüň ruhuny duýup bilmek başarnygynyň zenany stiliň nyşanyna öwrüp biljekdigini görkezýär.
9. “Stiw Jobs” (Стив Джобс / Steve Jobs, 2015): Apple kompaniýasyny döredijiniň durmuşy barada terjimehal filmi. Film kämillige tarap ymtylyşyň dünýä meşhurlygyna getirendigini görkezýär. Barlyşyksyz häsiýet we geljegi görmek başarnygy – bu Jobsa dünýäni üýtgetmäge kömek eden aýratynlyklar.
10. “Whiplash” (Одержимость, 2014): Beýiklige ýetmek üçin üstünlik, berilmek we pidakärlik mowzuklaryny açyp görkezýän aýdym-saz dramasy. Film hyjuwly deprekçi bilen onuň dözümsiz halypasynyň arasyndaky gatnaşyk barada. Üstünligiň bahasy we kämillige ymtylyşda bellibir çägiň bardygy barada pikirlenmäge iterýär.