ABŞ-da Linkoln hakyndaky 1915-nji ýyla degişli sessiz filmiň lentasy tapyldy

  • 09.02.2025 01:43
  • 6k+

ABŞ-da tejribelik geçip ýören işgär, taryhy kino arhiwinde gutulary tertipleşdirip ýörkä, tötänlikde Awraam Linkoln hakyndaky 100 ýyl öňki sessiz filmiň lentasyny tapdy. Bu lenta hemişelik ýitendir öýdülýärdi diýip, NBC habar berýär.

2024-nji ýylda tomusky tejribeligi üçin Lauro kinoarhiwine işe giren Den Martin, gazna gowşurylan köne filmleriň gutularyny tertipleşdirip ýördi. Olar onlarça ýyl bäri Long-Aýlenddäki ammarda ýatyrdy. Poslap giden demir gutularyň ýanynda bäş sany film lentasy bardy.

«Ol [Martin] geň galyp daş çykdy-da: “Jo, çyndan hem men bu ýerde aýratyn bir zat bardyr öýdýärin” diýdi. Ine tapmaçanyň tapylan bölegi. Amerikanyň ýiten kinosynyň tapmaçasy» diýip, arhiwiň eýesi Jo Lauro aýtdy.

Bu 16 millimetrlik lenta – «Linkolnyň ýüregi» atly sessiz filmiň ýeke-täk saklanyp galan nusgasydyr. Film 1915-nji ýylda Universal studiýasy tarapyndan çykarylypdy. Bu film ABŞ-nyň Kongress kitaphanasynyň kolleksiýasyna girýän, hemişelik ýiten hasaplanylýan 7 müň sessiz filmiň biridir.
«Linkolnyň ýüregi» filminiň režissýory we filmiň baş keşbini ýerine ýetiren – Golliwudyň meşhur režissýory Jon Forduň uly erkek dogany Frensis Forddyr. Kinoarhiwçi Eliot Kissilef filmi arassalap, sanly görnüşe geçirdi. Onuň pikirine görä, lentanyň möhürlenip saklanmagy we çüýremän galmagy uly bagtdyr.


şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....