Smurfettanyň keşbinde Riannanyň oýnamagynda “Smurflar” multfilminiň treýleri çykdy

  • 09.02.2025 01:10
  • 2.7k+

Paramount Pictures Riannanyň Smurfettanyň keşbini janlandyrmagynda “Smurflar” multfilminiň ilkinji doly treýlerini çykardy. Ilkinji görkezilişi 18-nji iýulda bolar.

Aýdymçy taslamanyň prodýuseri hökmünde hem çykyş etdi we munuň üçin birnäçe aýdym ýazdy. Filme Kris Miller bilen Mett Lendon režissýorlyk etdi, edebi esasyny bolsa Pem Breýdi ýazdy.
Filme Riannadan başga-da, Nataşa Lion, Nik Offerman, Emi Sedaris, Nik Krol, Deniel Lewi, Oktawiýa Spenser, Sandra O, Hanna Uoddingem, Şolo Mariduenýa, Jeýms Korden, Aleks Uinter, Billi Lurd, Kurt Rassel we Jon Gudman dagy ses berdi.
Kiçijik gök gahrymanlar ilkinji gezek belgiýaly suratkeş Peýonyň komikslerinde peýda bolupdy. Ondan öň Sony Pictures-iň kult franşizasynyň film uýgunlaşmalary goýberilipdi. Olarda Nil Patrik Harris bilen Keti Perri surata düşüpdi.


şu gün 11:08
781

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....