Täze Apple iPhone SE indiki hepde “artykmaç şowhunsyz” tanyşdyrylar

  • 08.02.2025 22:27
  • 6k+

Apple geljek hepde 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek býujet modelini täzeläp, iPhone SE-niň täze neslini çykarar. Bildiriş şüweleňsiz geçer, tanyşdyrylyş dabarasynyň deregine kompaniýa web sahypasynda metbugat habarnamasyny çap etmek bilen çäklener we enjam satuwa aýyň ahyryna çenli çykarylar diýip, Bloomberg habar berýär.

iPhone SE-niň  häzirki nesli göz-görtele köne, sebäbi Face ID-ni goldamaýar, Home fiziki düwmesi bar we USB-C porty bilen enjamlaşdyrylmadyk.
Täze iPhone SE has uly displeýi we häzirki zaman A18 prosessoryny, şeýle hem Apple Intelligence emeli aň funksiýalary goldawyny alar. Şeýle hem onda Ýewropada satylmagyna mümkinçilik berýän USB-C porty bolar.
Bu smartfonda Apple-iň ilkinji gezek öz işläp düzen modemini ulanmagyna garaşylýar. Bu  köpçülikleýin öndürilmedik önümde ony iş ýüzünde synap görmäge mümkinçilik berer. Bahasy häzirki (429 $) bilen deňeşdirilende ýokarlanar.
Bloomberg-iň wekili Mark Gurman ABŞ-nyň köne iPhone SE-niň ätiýaçlyklarynyň gutaryp barýandygyny habar berdi. Bu täze modeliň ýakyn wagtda çykjakdygyny görkezýär. Mundan başga-da, iPhone SE-niň täze neslinde ulanyjynyň amatly we ygtybarly tassyklanmagy üçin Face ID goldawy peýda bolar.
Täze iPhone SE-niň gelmegi Apple-iň satuwyny ýokarlandyryp biler, esasanam kompaniýanyň girdejisiniň 11 göterim azalýan ýeri bolan Hytaýda şeýle bolmagyna garaşylýar.
Şeýle hem indiki sişenbe güni Apple ýürek urgusyny ölçeýän datçikli PowerBeats Pro 2 gulaklyklaryny hödürlär. Kompaniýanyň ýakyn aýlardaky meýilnamalarynda M4 prosessorly täze MacBook Air, täze iPad we iPad Air modellerini çykmak meýilleşdirilýär. Ýylyň ahyryna täze iş stansiýalarynyň we displeýli akylly öý enjamlarynyň tanyşdyrylyşyna garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...