3 tapawudy tap: OpenAI logotipini üýtgetdi

  • 08.02.2025 18:12
  • 9.6k+

OpenAI öz firma stilini has “sazlaşykly we janly” etmek üçin rebrending geçirdi. Üýtgeşmeler logotipe, şrifte we reňk palitrasyna täsir etdi.

Logotipdäki üýtgeşmeler birbada göze ilmeýär. Eger ünsli seretseň, onda “gülüň” ortasyndaky giňişligiň birneme ulalandygyny, çyzyklaryň bolsa has güberendigini görmek bolýar. Asyl logotip baş müdir Sem Altman we egindeş esaslandyryjy Ilýa Suskewer tarapyndan döredilipdi. Täze görnüşi OpenAI-iň dizaýnerleri Weýt Mýoller we Şennon Ýager işläp düzdi.


Rebrendingiň has möhüm bölegi täze OpenAI Sans şrifti boldy. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, ol tegelek, elýeterli nyşanlary geometrik takyklyk we funksionallyk bilen utgaşdyrýar. Kompaniýanyň adyndaky “O” harpyna aýratyn üns berildi: onuň daşky çyzygy ideal tegelek, içkisi bolsa – ýörite ideal däl görnüşde çyzyldy. Şeýle-de, häzir şrift bilen nyşany biri-birinden aýratyn ulanmak bolýar, öň olar biri-biriniň üstüni ýetirýärdi.

“Biz fotografiýa, tipografiýa, animasiýa we giňişlik dizaýny boýunça öňdebaryjy hünärmenler bilen işleşip, ideýalary dörediji hökmünde DALL·E, ChatGPT we Sora ýaly EA gurallaryny ulanýarys. Ynsan intuisiýasyny generatiw EA mümkinçilikleri bilen utgaşdyrýan bu ikitaraplaýyn çemeleşme bize diňe bir innowasion däl, eýsem çuňňur ynsanlaşdyrylan brendi döretmäge kömek etdi” – diýip, OpenAI belledi.  


şu gün 12:35
2.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....