ThrustMe fransuz kompaniýasynyň ýodly hereketlendirijileri ABŞ-nyň kosmos bazaryny eýeleýär

  • 08.02.2025 12:43
  • 2.1k+

Hemralar üçin ýodly elektrik hereketlendirijileri işläp taýýarlaýan fransuz kompaniýasy ThrustMe ABŞ-nyň ýokary bäsdeşlikli kosmos bazarynda ornuny giňeldýär.

Kompaniýa birnäçe amerikan kompaniýasy, şol sanda Starfish Space, Astro Digital, Magellan Aerospace, Lumen Orbit, Oligo Space, Turion Space we Terran Orbital bilen şertnama baglaşmagy başardy. Soňkusy Lockheed Martin goranyş konserniniň golçur kärhanasydyr.
ThrustMe kiçi hemralar üçin ýod ýangyjynda işleýän kiçi elektrik hereketlendirijileri işläp taýýarlaýar. 2021-nji ýylda kompaniýa öz ulgamynyň orbital synaglaryny üstünlikli geçirdi we bu hem ýoduň raketa ýangyjy hökmünde ulanylyp bilinjekdigini tassyklady. Köpçülikleýin önümçilik 2023-nji ýylda başlady, şondan bäri 150-den gowrak hereketlendiriji ulgam müşderilere iberildi, şolardan 67-si eýýäm orbitada işleýär.

“Demirgazyk Amerika özüniň ýokary bäsdeşlikli kosmos pudagy bilen bellidir, bu ýerde halkara kompaniýalara, köplenç, ornaşmak kyn bolýar. Bu müşderileri çekmek biziň innowasion hereketlendiriji çözgütlerine barha artýan islegi kanagatlandyryp biljekdigimizi görkezýär” – diýip, kompaniýanyň baş müdiri Ane Aanesland belleýär.

Kompaniýa eýýäm Kanadanyň hökümet missiýalary, şeýle-de pes orbitada bulut hasaplamalarynyň synagy bilen baglanyşykly Lumen Orbit taslamasy üçin enjamlary ýola goýýar. ThrustMe hereketlendirijisi DROID.002 kosmos enjamyna oturdylar, ony SpaceX Trasnportter-13 raketasynda uçurmak meýilleşdirilýär.
Häzirlikçe ABŞ-nyň hökümet agentlikleri bilen gönüden-göni şertnama ýok bolsa-da, bilermenler ThrustMe-niň Amerikada öz ornuny giňeltmeginiň döwlet pudagy bilen hyzmatdaşlygy diňe wagt meselesine öwürýändigini belleýär.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....