«Bu dinozawrlar seýilgäh üçin gaty howply»: «Ýura eýýamynyň dünýäsi: Gaýtadan dogluş» filminiň treýleri çykdy

  • 08.02.2025 12:45
  • 8.2k+

Universal Pictures «Ýura eýýamynyň dünýäsi: Gaýtadan dogluş» (Мира Юрского периода: Перерождение) filminiň treýlerini hödürledi. Film bütin dünýäde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda görkezilip başlanar diýip, Forbes neşiri habar berýär.

Filmiň wakalary dinozawrlaryň sanynyň ep-esli azalan dünýäsinde bolup geçýär. Bu gadymy jandarlar indi berk gözegçilik astyndaky ýörite biosferalarda ýaşaýarlar. Emma üç sany aýratyn dinozawr wakalaryň esasy bölegine öwrülýär, sebäbi olaryň genetiki materialy mümkin bolan halas ediji dermanyň esasy bolup biler.
Baş gahryman Zora Bennetti gizlin operasiýalar boýunça hünärmen diýip atlandyryp bolar. Ol zerur bolan genetiki materialy dinozawrlardan almak wezipesini öz üstüne alýar. Ýöne işler meýilleşdirilişi ýaly bolmaýar: Zora, tötänlik bilen wakalaryň merkezine düşen adaty maşgalanyň agzalary bilen bilelikde bir ada düşýär. Bu adada bolsa adamzat üçin onlarça ýyl bäri syr bolup galan bir hakykat gizlenýär.
Baş gahrymanyň keşbini meşhur aktrisa Skarlett Ýohansson ýerine ýetirýär. Aktýorlar düzüminde Maherşala Ali, Jonatan Beýli, Ruper Frend, Manuel Garsiýa-Rulfo, Luna Bleýz we beýlekiler bar.
Filmiň täze bölümine «Godzilla» we «Kezzabyň biri. Ýyldyz söweşleri: Hekaýalar» (Изгой-один. Звёздные войны: Истории) filmleri bilen tanalýan meşhur režissýor Garet Edwards ýolbaşçylyk edýär.


düýn 23:20
397

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 14:33
1.8k+

Almodowaryň, Farhadiniň we Hamagutiniň gatnaşmagynda 79-njy Kann kinofestiwaly açyldy

12-nji maýda 79-njy halkara Kann kinofestiwaly öz işine başlady. Esasy bäsleşige 22 film girip, olaryň arasynda dünýä belli režissýorlaryň işleri we kinematografiýanyň täze ugurlaryny hödürleýän awtorlaryň......

12.05.2026 23:04
2.4k+

Jeýms Kemeron bilen Billi Aýlişiň 3D-filmi prokata çykdy

Režissýor Jeýms Kemeronyň hem aýdymçy Billi Aýlişiň bilelikdäki taslamasy – aýdymçynyň Mançesterdäki «Hit Me Hard and Soft: The Tour» atly konsertli syýahatyna bagyşlanan 3D-filmi dünýä prokatyna çykdy....

11.05.2026 15:25
1.4k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......