Hökümet mejlisinde 2024-nji ýylyň makroykdysady görkezijileri aýdyldy

  • 08.02.2025 02:08
  • 2.5k+

Toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2024-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde 2024-nji ýylda gazanylan milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterime, söwdada 10,1 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime we  hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy.
2024-nji ýylda 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 12,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy.
2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,1 göterim artdy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi hem-de 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.3k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

28.06.2026 15:48
5.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......