Mämmetguly Astanagulow maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine bellenildi

  • 07.02.2025 22:13
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Serdar Joraýewi maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatdy. Degişli Permana döwlet Baştutany 7-nji fewralda 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Döwlet Baştutany bu wezipä Mämmetguly Astanagulowy belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Açyldurdyýewiç Joraýew şeýle hem
 Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy. Bu wezipä maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Rozygulyýewiç Astanagulow bellenildi.
Hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 105,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa  99,9 göterim berjaý edildi.
Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 103,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi.
Geçen ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy we jemi içerki önümiň 17,6 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 49,3 göterimi önümçilik hem-de 50,7 göterimi durmuş we  medeni maksatly binalara gönükdirildi.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.4k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

28.06.2026 15:48
5.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......