Ispaniýanyň hökümeti iş hepdesini 2,5 sagat azaltmak kararyna geldi

  • 07.02.2025 18:30
  • 4.8k+

Ispaniýanyň hökümeti iş hepdesini zähmet hakyny üýtgetmezden 40 sagatdan 37,5 sagada çenli azaltmak kararyna geldi diýip, Reuters agentligi habar berýär.

Nobatdaky mejlisiň dowamynda hökümet iş wagtynyň günde 8 sagatdan 7,5 sagada çenli azaldylmagyny tassyklady. Bu başlangyç zähmet ministri Ýolando Dias tarapyndan öňe sürüldi. Onuň aýtmagyna görä, täze iş tertibi “has gowy ýaşamak, az işlemek we ykdysady taýdan has öndümli we netijeli bolmak” üçin gönükdirilýär.
Bu kanun taslamasy heniz parlament tarapyndan tassyklanmaly. Munuň üçin bolsa dolandyryjy partiýalara oppozisiýa goldawy gerek.
EADaily neşiriniň ýazmagyna görä, bu geçiş 12 milliondan gowrak adama täsir eder. Şeýle başlangyç işçiler we kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan goldanyldy, ýöne ýurduň iş berijiler assosiasiýasy muňa garşy çykdy. Assosiasiýa bu çözgüdiň iş çykdajylaryny artdyrjakdygyny we kompaniýalaryň bäsdeşlik ukybyny peseltjekdigini belleýär. 
Işewürlik wekilleri bilen geçirilen gepleşikler heniz noýabr aýynda şowsuz bolupdy. Şol wagt iş berijiler iş hepdesiniň gysgaldylmagynyň kanunlar bilen däl-de, her bir kompaniýanyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, köpçülikleýin şertnama bilen düzgünleşdirilmelidigini nygtady.
Gysgaldylan iş hepdesiniň tejribesi eýýäm beýleki ýurtlarda ulanylýar. Mysal üçin, geçen ýylyň güýzünden Islandiýada işçileriň ýarysyndan gowragy zähmet hakyny azaltmazdan dört günlük iş hepdesine geçdi. Tejribe munuň öndürijiligi peseltmän, tersine ykdysady ösüşe ýardam edendigini görkezdi.


16.01.2026 15:59
7k+

Ispaniýa raýatlyga kabul etmek boýunça taryhy rekord goýdy

Ispaniýa 2025-nji ýylda raýatlyga kabul etmekde rekord derejä ýetdi. Muny Instituto Nacional de Estadística (INE) tarapyndan berlen maglumatlara esaslanýan Eurostat doly tassyklady. Statistika görä, geçen ýyl 252 476 daşary ýurtly Ispaniýanyň raýatlygyny aldy...

11.12.2025 17:25
1.8k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ispaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşdy. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

13.10.2025 10:28
2.6k+

Serdar Berdimuhamedow Filipp VI-ni Ispaniýanyň Milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi...

30.09.2025 18:18
3.9k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonada ÝUNESKO-nyň MONDIACULT - 2025 maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Ispaniýanyň Barselona şäherinde ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahaty (MONDIACULT-2025) geçirilýär. 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda dowam edýän maslahatda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ýolbaşçylyk edýär...