Londonyň Tebigy taryh muzeýi «ýylyň ýabany tebigat suratyny» yglan etdi

  • 07.02.2025 18:27
  • 4k+

Torsugyň özüniň Benksi stilindäki graffiti şekline seredip duran pursadyny görkezýän surat, Londonyň Tebigy taryh muzeýiniň gurnaýan «Ýylyň ýabany tebigat suraty – 2024» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy diýip, BBC ýazýar.

Bu surat Angliýanyň Sent-Leonards-on-Si şäherindäki asuda ýoluň kenarynda britaniýaly suratçy Ian Wud tarapyndan surata düşürildi.

«Men olary surata düşürmek üçin 2 ýyl diýen ýaly sarp etdim we hut şu surat ilkinji nobatda diňe bir pikir bolup ýüze çykdy. Men graffiti çekip, torsugyň onuň aşagyndan geçip barýan pursadyny surata düşürip bilermikäm diýip pikir etdim, bu gyzykly bolar öýtdüm» diýip, Wud BBC bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

«Ýylyň ýabany tebigat suraty halkyň saýlawy» baýragyna dalaşgär görkezilen 25 surat dünýäniň ähli künjeklerinden ýabany tebigat suratçylygy boýunça höwesjeňleriň ses bermegi bilen rekord derejede – 76 müňden gowrak ses toplady. Ýeňiji suratdan daşary, finala çykan ýene dört surat hem ýokary baha mynasyp boldy.
Bu bäş surat 29-njy iýuna çenli Londonyň Tebigy taryh muzeýinde we onlaýn ýagdaýda görkeziler.


düýn 19:18
1.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......