OpenAI emeli aň gözleg hyzmatyny hemmeler üçin elýeterli etdi: indi registrasiýa zerur däl

  • 07.02.2025 18:08
  • 2k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň bir bölegi bolan emeli aň (EA) gözleg hyzmatyny ulanmak üçin indi hasaba alynmagyň zerur däldigini mälim etdi. Bu hyzmat ChatGPT çat-botuna internetdäki maglumatlara esaslanyp jogap bermäge we ulanylan çeşmeleriň sanawyny görkezmäge mümkinçilik berýär diýip, The Verge neşiri habar berýär.

OpenAI ilkinji gezek öz gözleg hyzmatyny geçen ýylyň oktýabr aýynda ChatGPT-niň tölegli abunaçylary üçin işe girizipdi, dekabrda bolsa hemmeler üçin elýeterli etdi. Indi bolsa ony ulanmak üçin hasaba alynmak zerur däl. Şol sebäpden, ChatGPT-niň gözleg hyzmaty indi adaty gözleg hyzmatlary bilen, mysal üçin Ýandeks, Google we Bing bilen göni bäsleşip başlar. Bulardan Google we Bing öz gözleg hyzmatlarynda EA-ny eýýämden ornaşdyryp, ulanyp gelýärler.
ChatGPT-niň gözleg hyzmaty ýakyn wagtda täzelendi. Indi her bir gözlegiň netijesi boýunça gysgaça düşündirişleri, şeýle hem görnükli ýerleriň kartalaryny we suratlaryny görüp bolýar.
Belläp geçsek, OpenAI öz gözleg hyzmatyny işe girizen ilkinji EA ulgamlaryny işläp düzüji däldir. Perplexity hem internetden maglumat gözlemäge mümkinçilik berýär we registrasiýa talap etmeýär. Ýakyn wagtda bu ulgam myhmanhanalar we olaryň bahalary barada maglumatlary gönüden-göni TripAdvisor-dan görkezip başlady.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...