ChatGPT indi Internet torunda maglumat gözläp bilýär

  • 04.11.2024 00:55
  • 2.3k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT EA-botuna internet gözleginiň girizilendigini habar berdi. Öň SearchGPT ady bilen beta-wersiýa görnüşinde hödürlenen täze funksiýa indi gönüden-göni ChatGPT-ä birleşdirildi.

Bu funksiýany ilkinji bolup ChatGPT-niň tölegli wersiýalaryna ýazylan ulanyjylar synap biler. Mugt ulanyjylar, korporatiw müşderiler we bilim edaralary üçin web-gözleg ýakyn hepdelerde elýeterli bolar.
Işläp düzüjiler SearchGPT-ni aýratyn önüm hökmünde çykarman, ony ChatGPT bilen birleşdirmek kararyna geldiler. Algoritm ulanyjylaryň soraglary esasynda web-gözlegiň zerurlygyny özbaşdak kesgitleýär, ýöne ulanyjylar ony el bilen hem işledip biler. Şeýle integrasiýa eýýäm köpden bäri web-gözlegi hödürleýän Microsoft Copilot bilen Google Gemini-niň bäsdeşlik artykmaçlygyny aradan aýyrýar.
ChatGPT-de gözleg aktual maglumatlara – sport netijelerine, paý bahalaryna we beýleki maglumatlara onlaýn režimde elýeterlilik berýär. Ähli maglumat çeşmeleri ilkinji çeşmelere salgylanmalar bilen berilýär. Oňaýlylyk üçin makalanyň gysgaça beýanyny görkezýän gapdal panel hem goşuldy. Täze funksiýa Android, iOS, macOS we Windows ýaly ähli ChatGPT platformalarynda elýeterli bolar.


03.06.2026 15:15
3.2k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......