Karl III amerikan Vogue žurnalynyň baş redaktoryny moda pudagyndaky hyzmatlary üçin sylaglady

  • 07.02.2025 11:47
  • 4.9k+

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III amerikan Vogue žurnalynyň baş redaktory Anna Wintury baýrak bilen sylaglady. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Bukingem köşgünde geçirildi. Bu barada şa maşgalasynyň resmi Instagram akkauntynda habar berilýär.

Wintur Hormat kawalerleriniň ordenini aldy. Şeýle hormata diňe 65 adam we monarhyň özi mynasyp bolup bilýär. Baýrak sungatda, edebiýatda, aýdym-sazda, ylymda we beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikler üçin berilýär. Wintur ony moda pudagyndaky hyzmatlary üçin aldy. Bu ordene mynasyp bolanlaryň arasynda Elton Jon, Pol Makkartni, Keýt Middldon hem bar.
Wintur şeýle hormata mynasyp görlendigine “geň galandygyny we duýgulara gaplanandygyny” belledi. “Bu meniň entek gazanmaly zatlarymyň köpdügine hasam ynandyrdy” – diýip, žurnalist belledi.
2017-nji ýylda Anna Wintur moda we žurnalistika goşan goşandy üçin şa aýaly Ýelizaweta II-den hanym titulyny alypdy.
Wintur 1949-njy ýylda dünýä indi. Ol amerikan Vogue žurnalynyň redaksiýasyna 1988-nji ýylda ýolbaşçy boldy. Ondan öň britan neşiriniň baş redaktory bolupdy. Žurnalist “Şeýtan Prada geýýär” (Дьявол носит Prada) filmindäki Miranda Pristliniň prototipi boldy.


11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....