Türkmen milli senenamasy boýunça ahyrky garagyş döwri başlandy

  • 07.02.2025 10:29
  • 14k+

Türkmenleriň milli senenamasy boýunça 6-njy fewralda kiçi çille tamamlanyp, 7-nji fewraldan gyşyň iň soňky bölegi bolan ahyrky garagyş döwri başlanýar. Ol uly we kiçi çillelerden soňra togsan günläp dowam edýän gyşy tamamlap berýär. Bu döwür 22-nji fewrala çenli dowam edýär. Bu döwürde gyş öz ornuny ýaza berip, howa birneme maýlap başlaýar diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu ýyl gyşyň maýyl gelmegi bilen birnäçe miweli agaçlar wagtyndan öňräk hem gülledi. Biziň ýurdumyzda ähli agaçlardan ir oýanýan badam baryp, ýanwaryň aýagynda gülledi. Erikleriň käbir görnüşleri-de pyntyklady. Şeýle ýagdaýda ahyrky garagyşda howa gazabyna tutaýsa, bir gijäniň özünde doňduryp, baglara uly zyýan ýetirip bilýär. Bu ýyl şeýle ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin bagbanlar dürli çäreleri görüp başladylar. Baglaryň arasyna gaty ders bölekleri daşaldy. Eger-de gijelerine doňakçylyk boljak bolsa, onda şol üýşürilen dersi otlap, ondan çykýan tüssäniň bagyň depesinde bulut bolup durmagy belli bir derejede howanyň sowuk akymynyň öňüne böwet bolýar.
Ata-babalarymyzyň gyşyň ahyrky bölegine «ahyrky «garagyş» diýmeginiň özboluşly sebäbi bar. Olar «Kiçi çilleden soň, adamlar gyş gutardy diýip arkaýyn bolmasynlar, entek togsan dolman, gyş gutarmaz» diýen düşünjäni öz nesilleriniň aňyna guýupdyrlar.
22-nji fewralda ahyrky garagyş öz ornuny çarwa nowruzyna berer.


şu gün 17:48
648

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

şu gün 12:12
1.5k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

düýn 10:07
2.8k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....