Täze Galaxy Ring bilen beýleki enjamlary hem dolandyryp bolar

  • 07.02.2025 07:23
  • 2.3k+

Tehnoägirdi Samsung-yň täze patenti akylly ýüzügiň geljekki modeliniň beýleki enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berjekdigini görkezýär diýip, Gizmochina habar berýär.

Samsung kompaniýasy Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasyna (WIPO) patent arzasyny tabşyrdy. Bu arzada akylly ýüzügiň geljekki modeli bilen kompaniýanyň beýleki enjamlaryny dolandyryp boljakdygy barada aýdylýar.
Häzirki wagtda Samsung-yň diňe bir akylly ýüzügi bar. Kompaniýanyň Galaxy Ring 2 modeli bilen baglanşykly işleri alyp barýandygy hakynda maglumatlar hem bar. Galaxy Ring-iň ilkinji nesli ýürek urgusyny ölçäp, uky ýagdaýyny hem-de beýleki biometriki görkezijileri yzarlaýar we ähli maglumatlary «Samsung Health» (Samsung Saglyk) programmasy arkaly smartfona iberýär.
Saglygy gözegçilikde saklamagyň bu usuly, akylly sagat ulanmagy halamaýanlar üçin amatlydyr.
Täze patent şol bir wagtyň özünde, Samsung-yň täze enjamyna goşmaça mümkinçilikleri ornaşdyrmagy maksat edinýändigini görkezýär. Patent maglumatlaryna we çyzgylaryna görä, akylly ýüzügi ulanýan adam simsiz baglanşyk arkaly beýleki enjamlary dolandyryp biler. Täze Galaxy Ring akylly ýüzüginiň, meselem, noutbuk bilen planşetiň arasynda utgaşykly işlemegine garaşylýar.
Patentlenen täze tehnologiýa, akylly ýüzügiň bir ekrandaky mazmuny başga bir ekrana geçirmek üçin ulanylyp bilinjekdigini görkezýär. Bu mümkinçilik Apple-yň ekoulgamyna meňzeýär. Ýatlatsak, Samsung-yň «S Pen» stilusy hem şuňa meňzeş aýratynlygy hödürläpdi.


23.05.2026 10:37
4.4k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

18.05.2026 01:22
2.7k+

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....

15.05.2026 15:33
1.6k+

Samsung smartfonlarynda push-mahabatlary akylly usulda bloklaýan ulgam ornaşdyryldy

Samsung kompaniýasy Device Care goşundysyny täzeledi we oňa push-bildirişlerindäki spam hem-de mahabatlar bilen awtomatiki göreşmek üçin niýetlenen "Intelligent Blocking" funksiýasyny goşdy....