Audi awtoulaglarynyň atlandyrylyşyny üýtgedýär

  • 07.02.2025 07:18
  • 9.2k+

Kompaniýanyň habar bermegine görä, indi 1-den 8-e çenli sanlar awtoulagyň ululygyny we hatardaky ornuny görkezer.

Ilkibaşda elektrik awtoulaglara jübüt sanlary, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modellere bolsa täk sanlary bermek meýilleşdirilipdi. Emma bu ulgam satyn alyjylarda bulaşyklyga sebäp boldy.
Audi 2023-nji ýylda elektrik awtoulaglar bilen içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modelleriň atlarynyň tapawutlandyryljakdygyny mälim edipdi. Emma bu ýagdaý müşderilerde we dilerlerde düşnüksizlik döretdi. Şonuň üçin Audi öňki atlandyryş ulgamyna gaýdyp geldi, indi 1-den 8-e çenli sanlar modeliň ululygyny görkezer.
Içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modeller öňki atlaryny saklap galar, benzinli görnüşler üçin TFSI, dizelli görnüşler üçin bolsa TDI atlary ulanylar. Elektrikli awtoulaglarda bolsa adynyň öňünden «e-tron» ýazgysy goşular. Mysal üçin, geljekde A6 we A7 modelleri täze ulgama laýyklykda täzeden atlandyrylar.
Şeýle-de, kompaniýa täze A6 modeli üçin resmi tanyşdyryş senesini mälim etdi – ol 2025-nji ýylyň 4-nji martynda tanyşdyrylar.


09.05.2026 13:31
2.2k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...