“Sonik 3 kinoda” ikinji iň girdejili wideooýun ekranlaşdyrmasy boldy

  • 07.02.2025 07:03
  • 1.7k+

6-njy fewrala çenli “Sonik 3 kinoda” (Соник 3 в кино) filminiň dünýädäki kassa ýygymy 463 mln dollara ýetdi we bu hem ony taryhda ikinji iň girdejili wideooýun ekranlaşdyrmasyna öwürýär. Ondan öňde diňe doganlar Mario baradaky multfilm bar.

Gök kirpiniň başdangeçirmeleri baradaky trikwel kinoteatrlarda görkezilmegini dowam etdirýär. ABŞ-nyň kinoteatrlarynda lentanyň girdeji ýygymy 231 mln dollar boldy, ol beýleki ýurtlarda-da şonça gazandy – 232 mln dollar. Deňeşdirmek üçin, seriýanyň birinji bölümi 320 mln dollar, ikinjisi 405 mln dollar gazandy.
Uly üstünlige garamazdan, iň girdejili wideooýun ekranlaşdyrmasy adyny almak üçin üçünji “Sonige” tas üç esse köp gazanmak gerek – “Doganlar Super Mario kinoda” (Братья Супер Марио в кино) 1,359 mlrd dollar gazandy. Degişli reýtingiň üçünji ornunda 438,8 mln dollar bilen “Warkraft” (Варкрафт) ýerleşdi. Onuň yzyndan “Pokemon: Detektiw Pikaçu” (Покемон: Детектив Пикачу / $428,9 mln) gelýär, bäşligi Dueýn Jonson we 427,9 mln dollar bilen “Rempeýj” (Рэмпейдж) jemleýär. “Sonik 2 kinoda” altynjy orunda ýerleşýär.
Şol bir wagtyň özünde, “Mufasa: Şa Ýolbars” (Муфаса: Король лев) animasion filminiň 18-nji fewralda onlaýn çykjakdygy belli boldy. Ol Disney+, Apple TV+, Amazon Prime, Vudu we beýleki hyzmatlarda elýeterli bolar. Prokatyň dowamynda lenta 650 mln dollar gazandy, bu oňa 200 mln dollarlyk býujeti we marketing çykdajylaryny ödemäge mümkinçilik berýär.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......