“Ahyrky nokada” gaýdyp gelýäris: altynjy bölümiň treýleri hödürlendi

  • 06.02.2025 11:40
  • 3.1k+

Warner Bros. kompaniýasy “Ahyrky nokat: Gan baglary” (Пункт назначения: Кровные узы) filminiň ilkinji treýlerini çykardy. Wideoda filmiň personažlarynyň biri we onuň ölümi görkezilýär.

Film meşhur franşizanyň soňky tas 15 ýylda ilkinji bölümi bolar – öňki film 2011-nji ýylda çykypdy. Filmiň sýužeti dessin gulluklaryň: lukmanlaryň, polisiýa işgärleriniň we ýangyn söndürijileriň dünýäsinde ýaýbaňlanýar.
Kartina seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanýar. Režissýorlar hökmünde öň bilelikde “Özgeler” (Иные) filmini düşüren Zak Lipowski we Adam B.Steýn çykyş etdi. Aktýor Toni Todd ýene-de Uilýam Bladuortyň roluna gaýdyp geler.
Filmiň global premýerasy 16-njy maýda bolar.


düýn 16:05
3.9k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

düýn 11:04
3.8k+

«Ratatuý» multfilminiň döredilmegine esas bolan meşhur aşpez Bernar Luazo barada film surata düşüriler

Fransiýada «Ratatuý» multfilminiň döredijilerine ylham beren aşpez Bernar Luazonyň durmuşy barada terjimehal film surata düşüriler. Bu barada «The Hollywood Reporter» neşiri habar berýär....

25.04.2026 15:52
1.3k+

«Super Mario: Galaktika kinosy» 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi

«Super Mario: Galaktika kinosy» filmi görkezilişiniň üçünji uik-endinde 35 million dollar ýygnady. Indi dünýä boýunça jemi 747 million dollar girdeji gazanan bu film 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi......

24.04.2026 19:16
3.4k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....